Türkmenistan we Belgiýa syýasy geňeşmeleri geçirdiler

  • 18.12.2020 19:33
  • 3.1k+

17-nji dekabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Belgiýanyň wekiliýetine Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, daşary söwda we ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk boýunça federal döwlet gullugynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Baş direktory Anik Wan Kalster ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge, umuman, özara gatnaşyklaryň täze usullaryny döretmek arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.7k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......