Dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygy ýylda 1,9 trillion dollar artdy

  • 18.12.2020 13:44
  • 15k+

Dünýäniň iň baý işewürleriniň baýlygy 2020-nji ýylda 1,9 trillion dollar artdy diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

Dekabr aýynyň başynda olaryň bilelikdäki kapitaly, takmynan, 11,4 trillion dollara barabar bolup, 2019-njy ýyldakydan 20 göterim köpeldi.
Neşiriň hasaplamalaryna görä, olardan 2020-nji ýylda iň çalt baýany 400 sany hytaýly milliarder boldy: bular baýlygyny bir ýylda 60%  - iki trillion dollara çenli artdyrdy.
ABŞ-ly 600 milliarderiň kapitaly 560 milliard artyp, dört trilliona ýetdi. “Tesla” we “SpaceX” -iň ýolbaşçysy Ilon Mask has köp - birbada 110 milliard dollar baýady (jemi 137 milliard töweregi).
2020-nji ýylda üçünji uly girdeji fransuz baýlaryna degişlidir: 40 milliarderiň baýlygy 95 milliard artyp, 500 milliard dollara ýetdi. Kapitalyň artmagynyň 50%-den gowragyny "L'Oreal"-yň şärikdeş eýesi Fransua Bettankur-Meýers hem-de "Lui Wuitton Moe Hennessiniň" prezidenti Bernard Arno üpjün etdi.

düýn 12:08
1.5k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

düýn 12:03
8.9k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

30.05.2026 08:05
3.3k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....