France Football taryhda iň gowy futbol eminini saýlady

  • 17.12.2020 17:18
  • 8.8k+

Italiýaly emin Pýerluiji Kollina France Football žurnaly tarapyndan taryhda iň gowy futbol emini diýlip yglan edildi. Bu barada “Gazzetta dello Sport”-a salgylanyp, Sputnik gullugy habar berýär.

"Eminler barada aýdylanda, kellä ilkinji gelýän at - ol. 1977-nji ýylda işe başlap, 2005-nji ýylda işden gidýänçä Kollina futbolyň taryhyny ýazdy" diýip, France Football ýazýar.

Baýraga dalaşgärleriň hatarynda iňlis Ken Aston we fransuz Mişel Worot hem bardy. Olar, degişlilikde, ikinji we üçünji orny eýelediler.
Kollina 2020-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň, 1998/99 möwsümiň Çempionlar ligasynyň we 2003/04 möwsüminde UEFA kubogynyň finallarynda eminlik etdi. 1998-2003-nji ýyllar aralygynda Halkara Futbol Taryhy we Statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan dünýäniň iň gowy emini diýlip ykrar edildi.
60 ýaşly Kollina häzirki wagtda FIFA-nyň eminler komitetine ýolbaşçylyk edýär.
Öň Tmcars.info France Football žurnalynyň bütin futbol taryhyndaky iň gowy oýunçylarynyň ýygyndysyny yglan edendigini habar beripdi.

şu gün 10:04
178

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.9k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......