«France Football» ähli döwürleriň iň gowy futbolçylarynyň ýygyndysyny yglan etdi

  • 15.12.2020 15:02
  • 9.1k+

France Football dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň ýygyndysyny neşir etdi. Bu barada fransuz neşiriniň web sahypasyna salgylanyp, INTERFAX.RU habar berýär.

Iň gowy oýunçylaryň ýygyndysynda derwezedäki orun 1960-njy ýylda Ýewropanyň çempiony bolan Moskwanyň “Dinamosynda” we SSSR-iň milli ýygyndysynda oýnan derwezeban Lew Ýaşine berildi.
Neşir ideal merkezi goragçynyň ornuna nemes Franz Bekkenbaueri mynasyp gördi. Wirtual ýygynda braziliýaly Kafu we italiýaly Paolo Maldini hem girýär.
Soňra neşir ýyldyzlar ýygyndysynyň beýleki agzalaryny yglan etdi: oňa Lottar Matteus, Hawi, Diego Maradona, Pele, Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Ronaldo goşuldy.
Ähli döwürleriň iň oňat futbolçylarynyň ýygyndysyny dünýäniň dürli künjeklerinden 140 sport žurnalisti saýlady.

şu gün 08:32
1.4k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

şu gün 07:49
1.7k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
4.3k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......

düýn 21:49
1.5k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....