Amazonyň Zoox startapy özbaşdak hereket edýän taksini tanyşdyrdy

  • 16.12.2020 18:26
  • 8.9k+

Kaliforniýada ýerleşýän “Zoox” startapy ilkinji robot taksisi bolup biläýjek öz-özüni dolandyrýan awtoulagy tanyşdyrdy. Bu barada “The Verge” maglumat portalyna salgylanyp, newinform.com habar berýär.

Özbaşdak hereket edýän awtoulaglar kompaniýasy Zoox alty ýyllap geçirilen synaglardan soň ahyrsoňy robot taksisini görkezdi. Hünärmenler Zoox-yň elektrikli ulagynyň birnäçe ajaýyp aýratynlygynyň bardygyny belleýärler.
Doly elektrikli dört tigirli awtoulaga dört adama ýerleşip bilýär. Döredijiler ulagyň öň we yz tarapynyň ýokdugyny, şeýle hem sürüji üçin ýeriň ýokdugyny bellediler. Zoox-yň hünärmenleri soňky birnäçe ýylda awtonom ulagynyň edil öňe hereket edişi ýaly, öwrüm etmezden yza hem erkin hereket edip bilmegi üçin zähmet siňdirendiklerini aýtdylar. Zoox-yň wekilleri bu awtoulagyň sagatda 120 km tizlikde hereket edip biljekdigini öňe sürýärler.
Ýeri gelende ýatlasak, Amazon Zoox startapyny şu ýylyň iýun aýynda satyn alypdy.

şu gün 17:00
745

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

şu gün 09:45
964

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

düýn 20:11
1.6k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.8k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......