Nokia özüniň iň arzan smartfonyny - C1 Plus-y tanyşdyrdy

  • 16.12.2020 17:57
  • 12k+

HMD Global fin kompaniýasy C1 Plus diýlip atlandyrylan Nokia markaly iň arzan smartfony çykardy. Alyjylar geljekde arzan bahadan 2500 mA·s batareýaly, LTE goldawy we 5.45 dýuým ekrany bolan elýeterli smartfon edinip bilerler diýip, 3dnews.ru habar berýär.

Nokia C1 Plus “Android Go”-da işleýär. Onuň korpusy berk polikarbonatdan öndürilip, smartfonynyň ýüregi bolup 1,4 GGs takt ýygylykly dört ýadroly çipset  hyzmat edýär. Çipsetiň ady entek yglan edilmedi. Telefon 1 Gb RAM bilen işleýär, bu bolsa häzirki döwrüň standartlary boýunça, hatda Go Edition-da hem Android 10-yň doly işlemegi üçin ýeterlik däl. Esasy we öňdäki kameralaryň ikisiniň hem durulygy 5 megapiksel bolup, düşüren suratynyň hiline buýsanmak kyn. Içinde oturdylan ýat - 16 GB. 128 Gb çenli mikro SD kartlary alyp bilýär. 5.45 dýuýmlyk ekranda 18:9 gatnaşygy we HD + durulygy bar.
Elbetde, tehniki aýratynlyklaryň toplumy gaty bir kanagatlandyryp baranok, ýöne şeýle bahadan aňrybaş zada garaşmak hem kyn. Smartfon entek satuwa çykanok. Onuň gyzyl we gök reňkde bolmagyna garaşylýar.

düýn 10:50
1.1k+

ChatGPT-ä AccuWeather tarapyndan hödürlenýän howa maglumaty goşuldy

ChatGPT ulgamynda "AccuWeather" goşundysy elýeterli boldy, onuň kömegi bilen ulanyjylar on güne çenli bolan howa çaklamasyny alyp bilerler....

06.04.2026 21:45
4.6k+

16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene......

06.04.2026 15:34
4k+

Huawei-niň «Pura X2» eplenýän smartfony şu aý satlyga çykarylar

Huawei kompaniýasynyň Pura X2 täze  eplenýän smartfony eýýäm şu aýda satuwa çykarylyp bilner. Bu barada «Digital Chat Station» lakamly belli insaýder habar berdi....

05.04.2026 22:12
4.8k+

Ilkinji gezek iki sany 200 megapiksel kameraly smartfon satlyga çykdy

Hytaýda smartfon dünýäsinde uly seslenme döreden Vivo X300 Ultra satuwa çykaryldy. Bu enjam taryhda ilkinji gezek iki sany 200 megapikselli kamera bilen enjamlaşdyrylan smartfondyr....