Baýden prezident saýlanmak üçin zerur saýlaw seslerini aldy

  • 16.12.2020 05:11
  • 8.4k+

Saýlawçylaryň ses bermegi bilen Jo Baýdeniň ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanandygy tassyklandy. Baýden Kaliforniýadan 55 saýlawçy sesiniň ählisini alyp, döwlet baştutany bolmak üçin zerur bolan 270-den gowrak sesi gazandy. 538 sesden demokrat 306, Donald Tramp 232 ses aldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Jozef Baýden ABŞ-da saýlawçylar kollegiýasynyň ses bermeleriniň netijesini “açyk ýeňiş” diýip atlandyrdy.

“Saýlanan wise-prezident Kamala Harris bilen bilelikde men saýlawda ýeňiş üçin zerur bolan 270 saýlaw sesini – 306 saýlaw sesini aldym. Bu Tramp bilen ABŞ-nyň häzirki wise-prezidenti Maýkl Pensiň 2016-njy ýylda ýeňiş gazananlary bilen deňdir. Şonda Tramp saýlawçylar kollegiýasynyň ses bermeleriniň netijelerini ýeňiş diýip atlandyrdy. Onuň hususy ölçeglerine görä, bu sanlar şonda açyk ýeňşi aňladýardy, men hormat bilen olary häzir hem şeýle hasaplamagy teklip edýärin” – diýip, demokrat özüniň Uilmingtondaky (Delawee ştaty) çykyşynda belledi.

Baýdeniň ýeňşine garşy çykyş eden ştatlaryň ählisi öz saýlawçylarynyň seslerini demokrata berdiler. Saýlawçylaryň ses bermegi saýlawlaryň netijelerini resmi edýär, ýöne olar Kongresiň bilelikdäki sessiýasy netijäni tassyklandan soň, 6-njy ýanwarda gutarnykly bolar.
Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti bolar. Onuň kasam kabul ediş dabarasy 20-nji ýanwarda geçirilmeli.

şu gün 09:33
2.5k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

şu gün 08:06
786

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
3.4k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
9k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....