Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Holland “Golden Boy” baýragyny aldy

  • 15.12.2020 21:22
  • 7.1k+

Germaniýanyň Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Erling Holland “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada sportbox.ru habar berdi.

Bu baýrak her ýyl Ýewropanyň ýaşy 21-den geçmedik iň gowy ýaş futbolçysyna berilýär. Şol bir wagtyň özünde, baýragyň dalaşgäri Ýewropa çempionatlarynyň birinde iň ýokary düzümde oýnamaly.
20 ýaşly norwegiýaly Holland "Tuttosport" bilen geçirilen söhbetdeşlikde bu baýragy alanyna buýsanýandygyny aýtdy. Baýrak oňa geljekde üstünlik gazanmak üçin itergi berýär. Şeýle hem Holland öz öňünde täze maksatlary goýýandygyny aýdýar.
Ondan öň “Golden Boy” baýragyna Madridiň “Atletikosynyň” hüjümçisi Joao Feliş (2019), “Ýuwentusyň” goragçysy Matteýs de Ligt (2018) we "PSŽ-niň" hüjümçisi Kilian Mbappe (2017) mynasyp bolupdy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......