Google hyzmatlarynyň işleýşinde ýüze çykan näsazlyklaryň sebäbini düşündirdi

  • 15.12.2020 14:18
  • 9.8k+

Dünýäniň birnäçe ýurdunda "Google"-yň hyzmatlarynyň işi bilen baglanyşykly meseleler içerki ammar kwotasy bilen baglylykda dörän autentifikasiýa ulgamynyň näsazlygy bilen baglanyşykly ýüze çykdy. Bu barada "Google"-yň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

"Häzirki wagtda içerki ammar kwotasy bilen baglanyşykly meseleler sebäpli autentifikasiýa ulgamynda näsazlyk ýüze çykdy - ulanyjylaryň ulgama girmegini talap edýän hyzmatlar uly möçberde ýalňyşlyk görkezdi" -diýip, Google belleýär.

Häzirki wagtda ähli hyzmatlaryň işi dikeldildi.
Duşenbe güni öýlän ulanyjylar, "Google"-yň hyzmatlarynda näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz boldular. Has takygy, meseleler "Gmail" poçta hyzmatynda, "YouTube" wideo hyzmatynda, "Google Drive" bulut ammarynda we ş.m. ýüze çykdy. DownDetector-yň habar bermegine görä, başga-da "Google" hyzmatlarynda näsazlyklar Ýewropa ýurtlarynda, Ýaponiýada, Indoneziýada we Awstraliýada ýüze çykypdyr.
"Google" bu ýagdaýyň geljekde gaýtalanmazlygy boýunça iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

düýn 20:17
3.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......