Fransiýanyň ýaşaýjysy lotereýada Ýewropa üçin rekord bolan 200 mln ýewro utdy

  • 13.12.2020 13:57
  • 12k+

Fransiýanyň ýaşaýjysy “EuroMillions” lotereýasynda 200 mln ýewro utdy, bu ýurt we oýnuň Ýewropadaky tutuş taryhynda rekord möçberli utuşdyr. Bu barada “Mirror” neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.

Ýeňiji 50 sandan bäş sanyň ählisini – 6, 9, 13, 24 we 41-i, şeýle-de iki sany “bagtly ýyldyz belgisini” – 3 we 12-ni bildi. Indi onuň arza berip, baýragyny almagy üçin 120 gün möhlet berilýär. Ondan öň 60 gün berilýärdi, ýöne koronawirus pandemiýasy we girizilen çäklendirmeler sebäpli möhlet uzaldyldy.
Ýeňiji alan puluna iki sany Airbus A320 uçaryny, 4 müňden gowrak altyn tokgalaryny, dünýäde iň gymmat myhmanhana otagynda (Las-Wegasda Palms Casino Resort myhmanhanasynda) 2430 gijäni ýa-da 12 sany Bugatti’s The Black Car giperkaryny satyn alyp biler.
Öňki Ýewropa rekordy 2019-njy ýylda 190 million ýewro utan Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy tarapyndan goýuldy. Fransiýada iň uly utuş 2012-nji ýylda 170 million ýewro boldy.
EuroMillions – Beýik Britaniýada, Fransiýada, Ispaniýada, Awstriýada, Belgiýada, Irlandiýada, Lýuksemburgda, Portugaliýada we Şweýsariýada geçýän milletara lotereýasy.

şu gün 13:03
1.3k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

şu gün 11:43
1.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

şu gün 11:16
885

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 20:27
3k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......