Samsung dünýäde iň meşhur smartfon öndürijisi boldy

  • 13.12.2020 12:05
  • 10k+

Counterpoint Research kompaniýasynyň analitikleri dünýäniň smartfon bazary şu ýylyň üçünji çärýeginde 366 million birlige çenli ösdi diýip habar berýärler. Häzirki wagtda dünýä bazarynda iň uly paýy 22 göterim we 80,4 million smartfon bilen Günorta Koreýanyň meşhur öndürijisi “Samsung” eýeleýär. Ikinji orny “Huawei” - 14 göterim, üçünji orny bolsa “Apple”-i ozup geçen “Xiaomi” eýeledi.

“Samsung” diňe bir dünýäniň iň ökde mobil öndürijilerine ýolbaşçylyk etmän, eýsem, Latyn Amerikasynda, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada iň köp satuw görkezijilerini hem gazanmagy başardy. Aziýa sebitinde öňdeligi Huawei eýeleýär, Demirgazyk Amerikada bolsa, adat bolşy ýaly, “Apple” öňdebaryjy hasaplanylýar.

şu gün 14:53
417

Motorola Swarovski kristallary bilen bezelen smartfon bilen gulaklyk hödürleýär

Motorola kompaniýasy Swarovski kristallary bilen bezelen «Brilliant Collection» atly premium enjamlar toplumyny resmi taýdan hödürledi. Bu ýörite topluma Swarovski kristallary bilen bezelen «Motorola......

şu gün 14:48
358

Casio «Ýyldyz söweşleriniň» stilinde täze sagatlaryny hödürledi

Casio kompaniýasy «Ýyldyz söweşleri» äleminiň muşdaklary üçin täze sagatlar toplumyny hödürledi. Oňa G-Shock we Baby-G modelleriniň binýadynda döredilen iki model girdi. Sagatlar «Ýyldyz söweşleri» äleminiň......

şu gün 12:04
1k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

düýn 23:22
1k+

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....