2021-nji ýylyň esasy iki reňki belli edildi

  • 13.12.2020 10:27
  • 16k+

Pantone reňk instituty 2021-nji ýylyň esasy reňklerini kesgitledi. Olar doýgun çal (17-5104 Ultimate Gray) we açyk sary (13-0647 Illuminating) boldy. Berkligi we gatylygy alamatlandyrýan çal reňk bilen ýyladyjy optimistik sary reňkiň utgaşygy güýji we optimizmi janlandyrýar diýlip, Pantone saýtyndaky habarda aýdylýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

“Bu reňk sazlaşygy bize çydamlylyk we umyt berýär. Biz özümizi ruhubelent we beýik duýmaly” – diýip, Pantone-iň müdiri Leatris Eýsman reňkleriň saýlanmagyna teswir berdi. Ozal institut ýylyň birbada iki esasy reňkini diňe 2016-njy ýylda saýlady.

Pantone instituty reňk trendlerini yzarlaýar we dizaýnerler hem-de öndürijiler tarapyndan işde ulanylyp bilinjek ýylyň reňkini her ýyl yglan edýär. Pantone Color Institute – bu reňkler boýunça tejribe işi we onuň dürli pudaklara (moda, poligrafiýa, interýer dizaýny, mahabat, kino we beýlekiler) täsiri bilen meşgullanýan Pantone kompaniýasynyň barlag merkezi. Institut esasy reňki 2000-nji ýyldan bäri kesgitleýär. Köp hünärmenleriň pikiriçe, ol reňk we öwüşgin meselesinde iň abraýly, dünýä derejesinde ykrar edilen maglumat çeşmesidir.
Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň reňki hökmünde Pantone nusgawy gök reňkini (19-4052 Classic Blue), 2019-njy ýyl – gyrmyzy reňki (16-1546 Living Coral) saýlady. 

17.02.2026 20:15
1.9k+

Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy

Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär...

13.02.2026 16:17
2.2k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

12.02.2026 20:56
14k+

Atasynyň donuny geýip, enesiniň ýaglygyny daňynan gyrgyz modeli moda hepdeliginiň ýyldyzy boldy

Gyrgyzystanly model Şadiýa Isaýewa Seulda geçirilen moda hepdeliginiň görkezilişlerine gatnaşyp, dünýä belli «Vogue» žurnalynyň sahypalaryna düşdi. Isaýewa hepdeligiň dowamynda birnäçe görkezilişde boldy. Çäräniň dördünji gününde ol meýdança gyrgyzlaryň milli lybasynda barmagy ýüregine düwdi...

10.02.2026 12:47
7k+

Bahasy €650 müň: Louis Vuitton «Rolls-Royce-den» hem gymmat furgon... şekilinde sagat hödürleýär

Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi. Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp ýasalypdyr...