Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmen Lideriniň Gutlagy

  • 12.12.2020 16:04
  • 7.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Bütindünýä ähmiýetli waka bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli wa­tan­daş­larymyzy gutlady.

«Biziň Bitaraplyk syýasatymyz döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny şanly wakalar, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys. Bu şanly baýram mynasybetli Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny we önümçilik kärhanalaryny dabaraly açýarys. Milli ykdysadyýetimizde gazanan uly üstünliklerimize bagyşlanan sergileri, ylmy-amaly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik dabaralaryny geçirýäris. Munuň özi mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar, abadan we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna täze üstünlikleri gazanmaga hem-de belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar» diýlip Gutlagda bellenilip geçilýär.

«Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyza laýyklykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga uly üns berýäris. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, iň öň­debaryjy tehnologiýalar esasynda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze obalarydyr şäherçeleri gurup, ulanmaga berýäris» - diýip Gurbanguly Berdimuhammedow belledi.

Biziň Bitaraplygymyzyň esasy maksady halkara borçnamalara hem-de halkara hukugy­ň kadalaryna berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň hatyrasyna gönükdirmekden ybaratdyr.

«Şo­ňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlarda — syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga we çuň­laşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris» - diýip Prezident nygtady.

Gutlagyň ahyrynda Türkmen Lideri mähriban halkyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleri­nde uly üstünlikleri arzuw etdi.

şu gün 07:53
722

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

şu gün 01:36
1.8k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
3.3k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

düýn 23:54
710

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......