Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

  • 11.12.2020 20:57
  • 4.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä we Kataryň dostlukly halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä berk jan saglyk hem-de abadançylyk, Kataryň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

düýn 22:06
435

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
4.8k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

düýn 19:11
3.1k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

düýn 19:04
4.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....