Türkmenistanyň sebit düzümlerinde işjeň ornuny görkezýän täze neşirler çapdan çykdy

  • 12.12.2020 20:11
  • 6.4k+

Täze neşirler – “Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe kabul edilen resminamalar” hem-de “Hazar sammitlerinde kabul edilen resminamalaryň ýygyndysy” çapdan çykdy.

Kitapçalaryň biri Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda üstünlikli başlyklyk etmegine bagyşlanýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň barşynda 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 21 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi.
2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ESKATO) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan Aral boýunça geljekki Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň hem-de düzüminiň taslamasy hödürleniler.
Beýleki kitap 2007-nji ýyldan başlap Hazar sammitleriniň netijeleriniň doly syny görnüşindedir.
Hazar sammitlerini geçirmegiň esasy Türkmenistanda goýuldy – 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Türkmen paýtagtynda başlanan gepleşikler mynasyp dowam etdirildi: onuň netijeleri degişlilikde 2007-nji, 2010-njy, 2014-nji we 2019-njy ýyllarda geçirilen Tähran, Baku, Astrahan, Aktau sammitlerinde kabul edilen möhüm çözgütleriň özenini düzdi. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy sammitiniň hem Türkmenistanda geçiriljekdigini ýatlatmalydyrys.

düýn 23:12
884

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
873

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......