R.Meredow GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

  • 11.12.2020 20:17
  • 3.3k+

10-njy dekabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) Özbegistanyň başlyklyk etmeginde onlaýn görnüşde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy köptaraply gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar, hyzmatdaşlygyň netijeleri we täze ugurlary, halkara hem-de sebit meseleleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde tassyklanylmaly resminamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mejlisi 18-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär.
Şu mejlisiň garamagyna — 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli geňeşmeleriň Meýilnamasy hödürlenildi. Bu resminama Daşary işler ministrlikleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri kesgitlemäge gönükdirilendir. 
Şeýle hem DIMG-niň mejlisinde BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy kabul edildi.
Ministrler tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalaryň ýene-de biri halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasydyr;
Türkmenistan GDA-da 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly – Milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi mübärekledi we goldady.

şu gün 17:10
333

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

şu gün 16:45
245

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......