Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatorda» çykyş etjek ilkinji türkmenistanly türgen boldy

  • 07.12.2020 21:01
  • 21k+

Garyşyk söweş sungatynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow Amerikanyň «Bellator» MMA guramasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Şeýlelikde, 31 ýaşly ildeşimiz bu guramanyň pälwany bolan ilkinji türkmenistanly hökmünde taryha girer. «Bellator» onuň karýerasyndaky täze başlangyç bolar. Bu ýerde ildeşimiz dünýäniň iň güýçli pälwanlarynyň arasynda öz ornuny berkitmäge synanyşar. Onuň «Bellatordaky» ilkinji tutluşygy barada heniz maglumat berilmeýär.
«Bellator MMA» guramasy 2008-nji ýylda Amerikada esaslandyrylan garyşyk söweş guramasydyr. Soňky günlerde bu gurama Habib Nurmagomedowyň doganoglany Usman Nurmagomedow hem UFC-iň ozalky wekili Rustam Habilow ýaly görnükli pälwanlar bilen şertnama baglaşdy.

şu gün 15:55
3.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

şu gün 15:42
3.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

şu gün 15:36
1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

şu gün 14:57
2.2k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....