Gyrgyzystan dünýäniň çar künjeginden syýahatçylara serhetlerini açdy

  • 06.12.2020 08:08
  • 13k+

Gyrgyzystan dünýäniň çar künjeginden bolan daşary ýurtly syýahatçylar üçin öz serhetlerini açdy. Koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylýandygy barada Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berildi.

"4-nji dekabrdan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Gyrgyzystana yzygiderli uçuşlar bilen baryp bilerler" -diýip, ministrlik habar berýär hem-de uçara münülende tabşyrylanyna 72 sagat geçmedik koronawirus üçin PCR synagynyň netijelerini görkezmegiň zerurdygyny ýatladýar.

Mundan başga-da, metbugat beýanynda görkezilişi ýaly, Gyrgyzystana gelensoň hem sanitariýa we karantin nokatlarynyň işgärleri tarapyndan synag netijeleriniň bardygy barlanylar. Uçuşyň dowamlylygy ýa-da gatnawyň gijä galmagy bilen baglanyşykly sebäpler bilen synag netijesiniň möhletiniň gutarandygy ýüze çyksa, daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar şol ýerde täzeden PCR synagyndan geçmeli bolarlar.

şu gün 01:05
553

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.7k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......