Halkara serginiň çäklerinde resminamalaryň toplumyna gol çekildi

  • 03.12.2020 14:58
  • 4k+

2-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi.

Bu gezekki gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen tarapyndan bu resminama ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak hem-de energetika ministrleri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gol çekdiler.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG ÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyndan başga-da, birnäçe taslamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek”, “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” ýaly ugurlar bar.
Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti öz gezeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen “Energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly taslamanyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekdi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de ýurdumyzyň Hökümeti BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) bilen resminamalara gol çekdi. Soňky ýyllarda bu düzümler bilen özara ylalaşmak esasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Şeýle hem türkmen tarapy beýleki hyzmatdaşlar, hususan-da, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), “Valmont Industries, Inс”, “Valey” we “JСB Sales Limited” daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ylalaşyklara hem-de Ähtnamalara gol çekdi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen HHR-iň Atçylyk assosiasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Jokeý klubynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga, Fransiýanyň atçylyk we çapyksuwarlyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

düýn 21:46
2.7k+

Fransiýa Reýunion adasynda dünýäniň iň gymmat ýoluny gurdurýar

Hindi ummanyndaky Reýunion adasynda taryhdaky iň çylşyrymly we gymmat infrastruktura taslamalarynyň biri bolan «Nouvelle Route du Littoral» (Täze kenarýaka ýoly) gurulýar....

düýn 17:15
1.3k+

2026-njy ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar

Bu ýylky Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar...

düýn 16:54
3.9k+

Klimotologlar güýçli El-Ninýo sebäpli ýylyň aýagynda elhenç yssynyň boljakdygyny çaklaýarlar

Howa modelleri şu ýylyň ahyrynda güýçli El-Ninýo hadysasynyň döräp, global temperaturanyň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmeginiň mümkindigini görkezýär. Klimatologlar global ylmy jemgyýetçiligiň arasynda......

düýn 16:13
6k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ sargyt esasynda awtobus hyzmatlaryny hödürleýär

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti edara-kärhanalar, syýahatçylyk edaralary we raýatlar üçin awtobuslary sargyt etmek hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berdi....