Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi geçirildi

  • 03.12.2020 15:33
  • 19k+

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze toplumyň açylyş çäresinden soň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2020-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, degişli ýolbaşçylaryň hasabatyny diňledi.
Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi, Belent Serkerdebaşymyz Ýaragly Güýçleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatyndaky meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümleriniň goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmegi, tabşyryklaryň öz wagtynda we birkemsiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň ähmiýetini belläp, anyk tabşyryklary berdi.

düýn 23:58
689

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
9.3k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
899

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.4k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....