Dortmundyň "Borussiýasy" ÇL-iň pleý-off tapgyrynda, "Krasnodar" - Ýewropa ligasynda oýnar

  • 03.12.2020 11:32
  • 5.3k+

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji aýlawyndaky oýunda Dortmundyň "Borussiýasy" Italiýanyň "Lazio" topary bilen öz meýdançasynda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy.

"Borussiýanyň" goluny duşuşygyň 44-nji minudynda Rafael Gerreýru geçirdi. Myhmanlardan jogap pökgüsini Çiro Immobile (67) geçirdi. “F” toparçada "Borussiýa" 10 utuk bilen öňdeligi saklaýar, 9 utuk bilen "Lazio", ondan soň Belgiýanyň "Brýuggesi" (7) bar. Sanawyň ahyrynda Ýewro kuboklaryň indiki tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitiren Sankt-Peterburgyň "Zeniti" ýerleşýär. Rus kluby "Brýuggeden" uly hasap bilen utuldy (3:0).
“Borussiýa” indi toparçada ikinji orundan aşak düşmez, sebäbi ol şahsy duşuşyklarda “Brýugge”-den üstün çykypdy (3:0 hasabynda iki ýeňiş bilen). Şeýlelikde, nemes topary Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna ýollanma aldy.
"H" toparçada üç toparyň hersinde 9 utuk bar — Angliýadan “Mançester Ýunaýted”, Fransiýadan "PSŽ" we Germaniýadan “Leýpsig”. "Leipsig" çarşenbe güni  bäş oýunda 3 utuk toplan we toparçada soňky orny eýelän türk topary "Stambul Başakşehiri" goşmaça wagtda uran goly bilen 4:3 hasabynda ýeňdi. "PSŽ" bolsa "Mançester Ýunaýtedden" 3:1 hasabynda üstün çykdy.
“Çelsi” we “Sewilýa” öň 1/8 tapgyra çykmagy başarypdylar. “Çelsi” çarşenbe güni “Sewilýany” 4-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ähli pökgini hüjümçi Oliwýe Žiru tora girizdi. “E” toparçanyň başga bir oýnunda "Krasnodar" "Rennden" (1:0) üstün çykdy we Ýewropa ligasyna ýollanma aldy. Bu rus klublarynyň Ýewropa ýaryşlaryndaky ýeke-täk ýeňşi boldy.
“Çelsi” toparçada möhletinden öň birinjiligi eýeledi (13 utuk), “Sewilýa” - ikinji (10), “Krasnodar” - üçünji (4), “Renn”  bolsa dördünji (1) orunda ýerleşýär.
“G” toparçada "Barselona" we "Ýuwentus" hem pleý-off-a çykypdylar. "Barselona" bäşinji aýlawda wengriýaly "Ferenswaroşy" (3:0), "Ýuwentus" hem  şeýle hasap bilen Kiýewiň "Dinamosyny" ýeňdi. “Ýuwentus” bilen “Dinamonyň” arasynda geçirilen oýunda Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek esasy emin zenan maşgala boldy - Stefani Frappar. "Barselonada" 15 utuk, "Ýuwentusda - 12, "Dinamoda" we "Ferenswaroşda" - 1 utuk bar.
Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň altynjy aýlawynyň oýunlary 8-9-njy dekabr aralygynda geçiriler.

düýn 16:49
4.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
6.8k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:41
1.4k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....