Hindistanda “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglary başlandy

  • 02.12.2020 11:52
  • 9.2k+

Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy bilen Hindistanyň Dr.Reddy’s Laboratories Ltd farmasewtik kompaniýasy koronawirusa garşy “Sputnik V” sanjymynyň ikinji we üçünji tapgyr kliniki synaglaryna başlady. Bu barada Hindistanyň Dr.Reddy’s Laboratories Ltd kompaniýasynyň metbugat relizine salgylanmak bilen TASS habar berýär.

“Hindistanda Derman serişdeleriniň merkezi barlaghanasyndan zerur tassyklama alnandan soň, “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglarynyň ikinji we üçünji tapgyryna başlanyldy. Bu howpsuzlyk we immunogen barlaglaryny öz içine aljak tötänleýin gözegçilik synagy bolar” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Rus sanjymynyň kliniki synaglary JSS Medical Research kompaniýasy tarapyndan geçirilýär.

Ýatlap geçsek, “Sputnik V” sanjymy Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gamaleýa merkezi tarapyndan işlenilip taýýarlandy we iýun-iýul aýlarynda kliniki synaglardan geçdi. Oktýabr aýynda Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy bilen Dr.Reddy’s Hindistanyň çäginde “Sputnik V” sanjymynyň ikinji we üçünji tapgyr synaglaryny geçirmek üçin tassyknama aldy, noýabr aýynda derman serişdesiniň birinji toplumy Haýdarabat şäherine iberildi.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....