Psiholog adamyň ünsüni smartfondan aýyrmagyň usulyny aýtdy

  • 30.11.2020 12:30
  • 16k+

Adamyň telefona baglylygyny ýüze çykarmak örän aňsat, çünki ol gajetini elmydama elinde saklaýar, ony hökman görer ýaly ýagdaýda goýýar. Hatda söhbetdeşlik wagtynda hem endik eden adam smartfon bilen görüş baglanyşygyny ýitirmekden gorkup, wagtal-wagtal ekrana seredýär. Psiholog Dmitriý Sinarýow adamyň ünsüni smartfondan sowmagyň usulyny aýtdy. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Hünärmen adamyň ünsüni janly söhbetdeşlige çekmegiň kyndygyny, ýöne mümkindigini belledi. Munuň üçin onuň ekrana seredip düşen ýagdaýyny “döwmek” gerek.
“Meni diňle, haýyş edýärin” görnüşli jümleler netije bermez. Eger-de siz hem telefonyňyzy çykaryp, söhbetdeşiňden telefonlary bir gapdala goýmagy haýyş etseňiz, munuň başa barmagy mümkin. Bu adamy geň galdyryp, tolgundyryp, keýpini bozup ýa-da gaharlandyryp biler, ýöne şeýle usul bilen onuň ünsi çekiler.
Telefon bilen berk baglanyşygy bozmak üçin ünsüňizi dolandyrmagy öwrenmek ýeterlikdir diýip, psiholog düşündirýär. Muňa fiziki işjeňlik ýardam edip biler, meselem, telefonyňyzy goýup, ýönekeý maşk etmek, biraz ylgamak ýa-da çalt ýöremek bolar. Ýöne bu wagtlaýyn täsir edýär. Eger-de adam wirtual aragatnaşygy janly aragatnaşykdan ileri tutýan bolsa, onda bu aladalandyryjy alamatdyr. Sebäbi telefona garaşly adam daş-töwerekdäki hakykaty kabul etmeýär we öz wirtual dünýäsini gurýar. Şonda bu meseläni “düýpli şahsy derejede” çözmeli diýip, psiholog sözüni jemleýär.

16.04.2026 16:48
4.6k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.8k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.7k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....