«The New York Times» XXI asyryň 25 sany iň beýik aktýoryny yglan etdi

  • 27.11.2020 18:38
  • 13k+

“The New York Times” XXI asyryň iň beýik 25 aktýoryny yglan etdi. Öňdebaryjy aktýorlary gazetiň kino tankytçylary Manola Dargis bilen Entoni Skott saýlady. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Reýtingiň birinji ornuny žurnalistleriň “ekranyň titany” diýip atlandyran amerikan aktýory Denzel Waşington eýeledi: “Ol Şekspiri we Awgust Uilsony, zalym adamlaryň we gahrymanlaryň roluny ýerine ýetirmegi başarýar. Şeýle-de, ol adaty ýigitleriň hem roluny örän gowy ýerine ýetirýär” – diýip, NYT ýazýar.

Ikinji orunda “Ol” we “Pianinoçy” filmlerinde oýnan fransuz Izabel Ýupper, üçünji orunda “baş erkek roly” üçin üç Oskar baýragynyň eýesi britan-irland aktýory Deniel Deý-Lýuis ýerleşdi. Liderleriň bäşligini aktýor Kianu Riwz we aktrisa Nikol Kidman jemleýär. Sanawda koreý aktýorlary Son Kan-Ho we Kim Min-hi hem bar. Bulardan başga-da, tankytçylar sanawa hytaýly Çžao Taony, italýan Toni Serwillony we fransuz Katrin Denewi girizdiler. Şeýle hem, sanawda britaniýaly aktrisa Tilda Suinton we amerikan aktýorlary Hoakin Feniks bilen Julianna Mur orun aldy.
Sanawy Maherşala Ali, Sonýa Braga we Gael Garsia Bernal jemleýär.

düýn 23:12
2.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
3.9k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.3k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......