Hünärmen her aý smartfondan nämeleri aýyrmalydygyny aýtdy

  • 27.11.2020 13:01
  • 17k+

Smartfonuň ýadyny doldurmazlyk üçin her aý gurnalan programmalaryň ulanylmaýanlaryny aýryp, barlap durmaly. Iberilýän maglumatlaryň göwrümini artdyrmazlyk üçin bulutda saklanýan maglumatlary barlamaga-da ähmiýet bermeli diýip, Telecom daily informasion-analitik agentliginiň müdiri Denis Kuskow “Praým” agentligine gürrüň berdi.

Smartfon häzirki wagtda internete girmek, jaňlar, suratlar we beýleki maksatlar üçin ulanylýar. Adamlaryň köpüsiniň smartfonunda ýüzden gowrak programma bar, ýöne şolaryň diňe onusy (tehniki programmalary hasaba almazdan) hemişe ulanylýar.

“Şonuň üçin programmalaryňyzy hökman barlaň, eger-de siz käbir programmalaryň zerur däldigini görseňiz, olary aýyryň, çünki olar ýer tutýarlar we yzygiderli täzelenip durýarlar, bu hem internet trafigini ýokarlandyrýar” – diýip, hünärmen belledi.

Smartfon has çalt işläp biler ýaly, ulanmaýan programmalaryňyz üçin push-duýduryşyny öçürmek, şeýle-de fon režiminde işleýän programmalary hem ýatdan çykarmazlyk maslahat berilýär.

Mundan başga-da, “bulutlarda” saklanýan maglumatlary barlamaly. Düzgün bolşy ýaly, munuň köpdügini göz öňünde tutup, ony arassalap durmaly, bulutda iberilýän maglumatlaryň göwrümini artdyrmazlyk üçin gereksiz suratlary aýyrmaly.

“Telefonuň ýadyna messenjerlerden gelýän suratlary, mazmunlary, wideolary we audiolary köpeltmegiň zerurlygy ýok – telefon sazlamalarynda bu zatlardan gaça durmaly, ýogsam, bu siziň buludyňyzy artdyrar we messenjeriň arhiwinde saklanar” – diýip, Kuskow sözüni jemledi.

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......