ABŞ-da häkimiýeti geçirmek prosesi başlandy

  • 25.11.2020 22:52
  • 13k+

Häkimiýeti ABŞ-nyň bir prezidentinden beýlekisine geçirmek prosesi başlandy: Donald Tramp Jo Baýdeniň we onuň toparynyň gaznalara rugsat almagyna we federal edaralar bilen aragatnaşyk saklamagyna mümkinçilik berýän işe girişmegine razy boldy. Emma Emili Merfiniň ýolbaşçylygyndaky Umumy hyzmatlar edarasy (GSA) Baýdeniň saýlanan döwlet ýolbaşçysydygyny ykrar etmekden ýüz öwrüp, muňa garşy boldy. Bu barada Euronews habar berýär.

“Men GSA-dan Emili Merfä ýurdumyza wepalylygy üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär. Ol yzarlamalara duçar boldy, oňa haýbat atyldy we zulum edildi, özüniň, maşgalasynyň ýa-da işgärleriniň beýle güne düşmegini islemeýärin. Ýöne biz işimizi şol bir ruhda tutanýerlilik bilen dowam etdireris. Göreşiň, men biziň ýeňjekdigimize pugta ynanýaryn! Şeýle-de bolsa, ýurdumyzyň bähbidine Emiliniň we onuň toparynyň başlangyç teswirnamalar bilen baglanyşykly resmi işleri talaba laýyk berjaý etmegini maslahat berýärin, öz toparyma-da şeýle etmegi sargadym” – diýip, Tramp Twitterinde ýazdy.

Umumy hyzmatlar edarasy Jo Baýdeniň heniz saýlanan prezident hökmünde resmi yglan edilmändigi üçin häkimiýeti geçirmek işine girişip bilmändi. Baýdeniň we Harrisiň täze ştabynda Merfiniň Trampa subýektiw gatnaşygyna nägilelik bildirildi. “Ak öýüň” häzirki ýolbaşçysy hem boýun egmek islemeýändigini aýdýar, ol gaýtadan saýlanmak üçin kazyýet söweşlerini dowam etdirjekdigini wada berýär. Muňa garamazdan, Trampa edilýän basyşlar, şol sanda respublikan partiýanyň agzalaryndan saýlawlaryň netijelerini ykrar etmäge çagyrýanlaryň sany köpelýär.
Mundan öň, Miçigan ştatynda Jo Baýdeniň ýeňşi resmi taýdan tassyklandy, bu hem Trampyň abraýyna täsirini ýetirdi. Üstesine, ses berilşigiň dowamynda galplygyň bolandygy baradaky aýyplamalary kazylar tarapyndan tassyklanjak subutnamalaryň ýoklugy sebäpli ret edildi. 

düýn 15:08
1.7k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
9.6k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......