Rowaýaty futbolçy Diego Armando Maradona 60 ýaşynda aradan çykdy

  • 25.11.2020 22:15
  • 15k+

Argentinaly futbolçy hem-de tälimçi Diego Maradona aradan çykdy. Bu barada onuň metbugat sekretary habar berdi. Ýerli metbugatyň habaryna görä, ýakynda beýni operasiýasyny geçiren 60 ýaşly Maradona birden öýünde özüni erbet duýup başlapdyr. Elinde baryny eden lukmanlaryň tagallasy ony halas edip bilmändir diýip, Euronews ýazýar.

Maradona 2-nji noýabrda Argentinanyň La Plata şäherinde ganazlyk hem-de bedende suw ýetmezçiligi sebäpli keselhana ýerleşdirildi. Bu ýerde ol ýerli kluba tälimçilik edýärdi. Soňra bolsa Maradona Buenos-Aýresiň etegindäki hususy klinika geçirildi we şol günüň ertesi operasiýa edildi. 11-nji noýabrda sagalmagyny öýünde dowam etdirmegi üçin keselhanadan çykaryldy.
Maradonany bejerýän lukmanynyň pikiriçe, operasiýadan soňky döwürde onda alkogolly içgileri we uky dermanlaryny aşa köp içmek bilen baglanyşykly abstinasiýa sindromy ýüze çykypdyr.
Diego Maradonanyň jany ozal hem birnäçe gezek howp astyna düşüpdir. 2000-nji ýylda ol Urugwaýyň deňizýaka Punta del Este şäherinde ýürek keselinden ejir çekipdir we Kubada uzak wagtlap bejergi alypdyr. 2004-nji ýylda onuň ýürek keseli ýene gozgapdyr. 2007-nji ýylda aşa köp spirtli içgileri ulanmagyň netijesinde keselhana ýerleşdirildi.
Diego Maradona soňky gezek hassahana ýerleşdirilmezinden ozal, 30-njy oktýabrda, 60 ýaşynda, pandemiýa sebäpli ýüze çykan karantin çärelerine garamazdan, La Plata şäherinde öz klubuny türgenleşdirmegi talap etdi.
2000-nji ýylda FIFA boýunça "Asyryň oýunçysy" baýragyny braziliýaly Pele bilen paýlaşdy.
1986-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Maradona Angliýanyň derwezesine bir gol geçirdi. Şol gol soň-soňlar "Asyryň goly" diýlip atlandyryldy.

şu gün 18:58
2.6k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

şu gün 17:07
4.3k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

şu gün 16:24
3k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

şu gün 12:33
3.2k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......