Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

  • 25.11.2020 14:55
  • 13k+

Owganystana ulgamlaýyn ýardam etmekligi göz öňünde tutýan, şu ýylyň fewral aýynda kabul edilen ýörite maksatnamanyň çäginde, Türkmenistan nobatdaky gezek goňşy ýurda azyk harytlary, lukmançylyk serişdeleri, dokma we hojalyk harytlary görnüşinde ynsanperwerlik kömegini iberer. Bu barada ORIENT habar berýär.

Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 24-nji noýabrda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Dokma senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen bilelikde derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň, azyk harytlarynyň, dokma önümleriniň we hojalyk maksatly beýleki önümleriň iberilmegini üpjün etmeklik tabşyryldy. Bu dostlukly kömek ýurdumyzyň Baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp amala aşyrylar.
Ynsanperwer kömegiň iberilmegini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi gurar.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......