R.Meredow Malaýziýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 24.11.2020 23:18
  • 5.3k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow malaýziýaly kärdeşi Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika hem-de ynsanperwerlik ulgamlaryndaky köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda şu ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerine seredip geçdiler.

düýn 23:57
496

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
4.8k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
6.3k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....