Eýranda COVID-19-a garşy göreşmek üçin täze nesil sanjymlary döredilýär

  • 24.11.2020 20:24
  • 7.1k+

COVID-19 koronawirus ýokanjy bilen göreşmek üçin eýranly alymlar täze nesliň sanjymlaryny döretmäge synanyşýarlar. Bu barada Koronawirus (COVID-19) bilen göreşmek boýunça ylmy komitetiň ýolbaşçysy Mostafa Ganei habar berdi. Muny IRNA habarlar agentligine salgylanmak bilen Trend ýetirýär.

“Eýranyň birnäçe kompaniýasy häzirki wagtda MRNA hökmünde belli bolan täze nesliň sanjymlaryny döretmegiň üstünde işleýärler” – diýip, Ganei aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň Tährana garşy bir taraplaýyn sanksiýalary sebäpli, Eýran COVID-19-a garşy sanjymlary taýýarlamakda birnäçe kynçylyklara duçar bolýar, ýöne eýran alymlary sanjymy taýýarlamaga eýýäm başladylar.
Häzirki wagtda Eýranyň 6 kompaniýasy sanjymlary taýýarlamaga girişdi, ýöne olaryň sanjymlary heniz kliniki synaglardan geçirilmedi.
MRNA sanjymlary hökmünde belli bolan täze nesliň sanjymlary bäsdeşlerinden birnäçe ädim öňe gidip, eýýäm başlangyç synaglardan geçdiler.

düýn 23:10
493

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....