Aşgabat we Kabul serhetüsti suwlardan bilelikde peýdalanmagy ylalaşýarlar

  • 22.11.2020 23:42
  • 8.4k+

22-nji noýabrda Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde onlaýn maslahat görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Owgan tarapyndan suw serişdeleri ministriniň tehniki meseleler hem-de suwy kadalaşdyrmak boýunça orunbasary Waýs Ahmad Baseri gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda gün tertibine laýyklykda, Amyderýa hem-de Murgap we Tejen derýalarynyň suwlaryny ylalaşykly peýdalanmak boýunça iki ýurduň degişli edaralarynyň özara gatnaşyklary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu meseläniň zerurlygy Merkezi Aziýada oba hojalygy we senagat üçin, elektrik energiýasyny öndürmek, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýan suw serişdeleriniň esasy çeşmeleriniň derýalar bolup durýandygy bilen baglydyr. Olar serhetüsti geçýän Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek derýalarydyr.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda halkara hukugynyň düzgünlerine laýyklykda hem-de taraplaryň bähbitleriniň özara nazara alynmagynyň esasynda serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek barada aýtdylar.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

şu gün 12:00
392

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
428

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......