"Sputnik V" Pfizeriň we Modernanyň sanjymlaryndan arzan bolar

  • 22.11.2020 23:28
  • 7.7k+

Ruslaryň koronawirusa garşy "Sputnik V" sanjymy Pfizeriň we Modernanyň sanjymlaryndan has arzan bolar. Bu barada ýekşenbe güni "Sputnik V" sanjymynyň Twitter hasabynda habar berildi. Muny TASS ýetirýär.

"Pfizeriň sanjymynyň her dozasy üçin 19.5 dollar we Modernanyň sanjymynyň her dozasy üçin 25-37 dollar bahalar mälim edildi, bu bolsa her adam üçin 39 dollar we 50-74 dollar diýmekdir. Her adama Pfizer, "Sputnik V" we Moderna sanjymynyň iki dozasy gerek. Sputnik V-iň bahasy has arzan bolar"-diýlip, habarda aýdylýar.

"Sputnik V" sanjymynyň bahasy indiki hepde yglan ediler diýip, Russiýanyň gönüden-göni maýa goýum gaznasynyň wekili žurnalistlere aýtdy.
Russiýa 11-nji awgustda dünýäde ilkinji bolup "Sputnik V" ady bilen adenowirusyň iki ştamyna esaslanýan koronawirus sanjymyny bellige aldy. Sanjym Gamaleýa Merkezi tarapyndan işlenip düzüldi we iýun-iýul aýlarynda kliniki synaglardan geçdi. Ol ozal hem birnäçe sanjymlar döredilen eýýäm belli platforma esaslanýar. 15-nji awgustda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi bu sanjymyň önümçiliginiň başlandygyny habar berdi.

düýn 11:55
3.1k+

Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar...

düýn 11:24
836

2025-nji ýylyň ahyryna Puma-nyň girdejisi 20%-den gowrak peseldi

Sport eşikleriniň meşhur brendi Puma 2025-nji ýyl üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýylyň jemleri boýunça kompaniýanyň söwda dolanyşygy 8,1% peselip, 2024-nji ýyldaky 8,39 milliard ýewro garanyňda 7,29 milliard ýewro pese düşdi...

düýn 10:42
5.7k+

Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär

Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi...

28.02.2026 19:26
3.8k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...