Habib Nurmagomedow üstünliginiň syryny Döwletjan Ýagşymyradow bilen paýlaşdy

  • 22.11.2020 21:04
  • 48k+

Garyşyk söweş sungatynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow bilen duşuşygy barada gürrüň berdi. 

«Biz birek-biregiň hal-ahwalyny sorap durýarys. Soňky ýeňşinden soň ony gutladym. Ýeňiş gazanyna diýseň begendim. Aslynda, oňa GDA-nyň ähli ýerinden goldaw berdiler. Ol örän terbiýeli, adamkärçilikli adam. Şu gezekki gürrüňdeşligimizde muňa has anyk göz ýetirdim. Ol hakda diňe gowy zatlar aýdyp bilerin» diýip, ildeşimiziň onlaýn ýaýlymlaryň birinde Nurmagomedow barada aýdanlaryny Turkmenportal getirýär.

Şeýle hem D.Ýagşymyradow ony birnäçe ýyldan bäri tanaýandygyny aýtdy: 

«Men ony ozal Ukraina geleninde görüpdim. Bu barada hiç kim bilenok, ýöne size aýdaýyn. Indi aýtmaga sebäp bar. Men ACB bilen şertnama baglaşýardym, şol wagt Habib geldi. Men ondan maslahat aldym. Şol maslahatlar köp ýerde kömek etdi. Munuň üçin oňa sagbolsun aýdýaryn. Bu gezek BAE-de ony görenimde şol duşuşygy onuň özi ýatlady. Muňa garaşmandym. Oňa hoşallygym çäksiz».

Mundan başga-da, türkmen pälwany amerikaly Daniel Korme bilen hem bile türgenleşmekçi bolýandygyny aýtdy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Döwletjan Ýagşymyradow haýsy baýdagyň astynda çykyş etjekdigini aýtdy

şu gün 10:04
312

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
2.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.4k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......