Döwletjan Ýagşymyradow haýsy baýdagyň astynda çykyş etjekdigini aýtdy

  • 21.11.2020 18:25
  • 34k+

Garyşyk söweş sungatynyň ussat türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow hiç haçan, hatda iň uly MMA promouşenleri bolan Ultimate Fighting Championship ýa-da Bellator MMA-iň ikisinden biri bilen şertnama baglaşan ýagdaýynda-da, halkara ýaryşlarda çykyş etjek baýdagyny üýtgetmejekdigini aýtdy.

“Ýok, men çykyş etjek döwlet baýdagymy hiç haçan üýtgetmerin. Maňa kim näme teklip etse-de. Biziň baýdagymyz bir, biz - türkmenler! Hiç kim üçin, haýran galdyryjy bir zat teklip edäýende-de, bütin dünýäni hödürleselerem - baýdagy üýtgetmerin. Ebedilik! Baýdak ýeke-täkdir! Men türkmendigime buýsanýaryn!"- diýip, Döwletjan Ýagşymyradow onlaýn-ýaýlymlaryň birine beren interwýusynda aýtdy.

Döwletjan Ýagşymyradow 1989-njy ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dünýä indi. Ol garyşyk söweş sungatynda Absolute Championship Berkut we Absolute Championship Ahmat ýaryşlarynda çempion bolan ilkinji türkmenistanly wekil. 2018-nji ýylda ol russiýaly Batraz Agnaýewi ýeňip, ACB-niň çempionlyk guşagyny gazandy. Ýagşymyradow 2019-njy ýylda eýýäm ACA-nyň çempiony derejesinde guşagyny iki gezek gorady. Fewral aýynda ol Polşada geçirilen ýaryşda Karol Selinskiden üstün çykdy we dekabr aýynda russiýaly Alekseý Butorini ýeňip, ACA-nyň çempiony diýen ady gorady.
Türkmen söweşijisinde 18 ýeňiş, bäş ýeňliş we bir deňlik bar.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Döwletjan Ýagşymyradow UFC bilen Bellator-yň birini saýlamakçy

düýn 17:46
7.6k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
9.2k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.2k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......