Gurban Berdiýew geljekdäki iş meýilleri barada gürrüň berdi

  • 21.11.2020 20:10
  • 22k+

Kazanyň "Rubininiň" we «Rostowyň» öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew teswirleýji Gennadiý Orlow bilen bolan söhbetdeşlikde häzir işsiz ýörmeginiň sebäbini aýtdy.

"Tälimçilik işimde şeýle bolýar, ähli toparlary aşakdan ýokaryk galdyrýarys, munuň üçin wagt sarp edýäris. Häzir teklipler bar, ýöne aňrybaş wezipe ýok. Men bolsa çynlakaý taslamalary isleýärin. Men, elbetde, işlemäge taýyn"-diýip, Gurban Berdiýew belleýär.

67 ýaşly Gurban Berdiýewiň karýerasyndaky iň soňky oýun 2019-njy ýylyň 26-njy maýynda Krasnodarda geçirilen Russiýanyň premýer-ligasynyň 30-njy tapgyrynyň duşuşygy boldy. Şonda "Rubin" ýer eýelerinden utuldy (1:0) we Russiýanyň çempionatynda 11-nji ýeri eýeledi.

Türkmen hünärmeni uzak wagtlap  "Rubin" (Kazan) futbol klubynyň baş tälimçisi bolup işledi. Umuman alanyňda, onuň ýolbaşçylygynda topar 478 duşuşyk geçirdi (208 ýeňiş, 140 deňlik, 130 ýeňliş). Kazanyň "Rubini" bilen Gurban Berdiýew 2008-nji we 2009-njy ýyllarda Russiýanyň çempionatynda, iki gezek Russiýanyň Super kubogynda (2010, 2012) ýeňiji boldy, iki gezek Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşdy, ol topar bilen Ýewropa ligasynyň çärýek finalyna çykmagy başardy we 2011/12 möwsüminde Russiýanyň kubogynyň eýesi boldy. 2015/16 möwsüminde Gurban Berdiýew Russiýanyň futbol çempionatynda "Rostowy" kümüşe medala ýetirdi.

şu gün 15:55
819

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

şu gün 15:42
1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

şu gün 15:36
401

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

şu gün 14:57
1.2k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....