Xiaomi Hindistanda baýramçylyk satuwynda 13 milliondan gowrak enjam satdy

  • 21.11.2020 22:52
  • 5k+

Xiaomi kompaniýasy Hindistanda baýramçylyk satuwynyň dowamynda 13 milliondan gowrak enjam satandygyny, olaryň 9 millionynyň smartfondygyny mälim etdi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Mundan ozal Realme şol döwürde 8,3 million önüm, şol sanda 6,3 million smartfon satyp, rekord goýandygyny habar beripdi. Analitikler Realme-niň “Xiaomi” üçin Samsung we Vivo garanyňda has uly bäsdeş bolup durýandygyny, sebäbi onuň satuwynyň her aý tiz ösýändigini aýdýarlar. Realme ýaňy-ýakynda 50 million smartfon belliginden geçdi we oňa bazardaky beýleki kompaniýalardan has tiz ýetdi.

Xiaomi baradaky gürrüňe gaýdyp gelsek, onuň iň meşhur smartfonlary Xiaomi Mi 10T Pro, Redmi Note 9 Pro Max, Redmi Note 9 Pro, Redmi 9 Prime, Redmi 9 we Redmi 9A. Galan 4 million enjamda akylly telewizor, akylly öý enjamlary we esbaplar bar.

Hususan-da, 450 müň akylly telewizor, şeýle hem “Mi TV Stick” we “Mi Box 4K” satyldy. Xiaomi, 4K telewizora bolan islegiň geçen ýyldakydan has ýokarydygyny, 50 we 55 dýuýmlyk telewizorlaryň satuwynyň 50%-den gowrak bolandygyny aýtdy. Howa arassalaýjylaryň satuwy 100% ösdi we “Mi Watch Revolve” sagatlary we akylly ses çykaryjylar hem uly islege eýe boldular.

düýn 23:03
272

Bloomberg: Apple suratlary redaktirlemek üçin täze emeli aň funksiýalaryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ...

düýn 18:34
1.6k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....

düýn 12:05
556

Apple emeli aň üçin özüniň «Baltra» prosessoryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy emeli aň meseleleri üçin niýetlenen, «Baltra» kod ady bilen tanalýan özüniň hususy serwer prosessoryny döretmegiň üstünde işleýär....

28.04.2026 14:34
4.1k+

Apple gyralary egreldilen iPhone taýýarlaýar

Apple korporasiýasy gyralary biraz egreldilen innowasion ekranly smartfony tanyşdyrmagy meýilleşdirýär....