UNFPA Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligine täze enjamlary berdi

  • 20.11.2020 14:34
  • 13k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky enelik saglygy bölümlerine BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasyndan täze enjamlar gelip gowuşdy. Bu barada guramanyň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berilýär.

Enjamlar guramanyň ministrlik bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Hökümetiniň maliýeleşdirilmeginde satyn alyndy, diýlip habarda bellenilýär.

UNFPA enelik we perinatal saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýurt derejesinde belli bir standarta çykarylmagynda we utgaşdyrylmagynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine yzygiderli goldaw berýär. Şunuň bilen, Türkmenistanyň ähli künjegindäki zenanlaryň yzygiderli we deň derejede ýokary hilli saglyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmegine goşant goşýar. ⁠

 

düýn 17:06
1.5k+

Ýaponiýada Parkinson keselini bejerýän ilkinji derman bölekleýin tassyklanyldy

Ýaponiýada Parkinson keselini bejermek üçin induksirlenen plýuripotent sütün öýjükleri (iPS-öýjükleri) esasynda işlenip düzülen derman serişdesini ulanmaga bölekleýin rugsat berildi. Bu barada Kioto uniwersitetiniň ýanyndaky iPS-öýjüklerini barlamak we ulanmak instituty habar berdi...

18.02.2026 15:44
2.7k+

Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär. Psychrobacter SC65A...

16.02.2026 14:19
3.9k+

Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy...

15.02.2026 13:47
2.8k+

Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy

Alymlar aloe wera ösümliginiň düzüminde Alsgeýmer keselini bejermek üçin zerur dermanlaryň esasyny düzüp biljek täze bir birleşmäni ýüze çykardylar. Beta-sitosterol diýlip atlandyrylýan bu madda ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly iki sany fermentiň işine täsir etmäge ukyply...