Ispaniýa Milletler ligasynda Germaniýany 6:0 hasap bilen ýeňdi

  • 18.11.2020 06:39
  • 9k+

UEFA-nyň Milletler ligasynyň toparçalaýyn duşuşyklarynyň 6-njy tapgyrynyň çäginde Ispaniýanyň milli ýygyndysy Germaniýanyň ýygyndysyny kabul etdi. Duşuşyk Sewilýa şäherindäki «Olimpiko de Sewilýa — La Kartuha» stadionynda geçdi we ýer eýeleriniň peýdasyna 6:0 hasap bilen tamamlandy.

Ispaniýanyň düzüminde gol geçirenler: Alwaro Morata, Rodrigo Ernandes, Mikel Oýarsabal we Ferran Torres (het-trik).
Şeýlelikde, Ispaniýanyň ýygyndysy 11 utuk toplap, UEFA-nyň Milletler ligasynyň final tapgyryna çykdy. Germaniýanyň milli ýygyndysy (9) — 2-nji orunda galýar. Ýygyndylaryň topar boýunça bäsdeşleri Ukraina (6) bilen Şweýsariýanyň (3) duşuşygy ukrain toparynyň düzüminde koronawirus ýokanjynyň ýüze çykarylmagy sebäpli ýatyryldy.

düýn 11:51
3.6k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

düýn 11:31
2.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

düýn 10:24
4.7k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....