Eýran COVID-19-a garşy 8 sany sanjymy BSGG-e hödürledi

  • 16.11.2020 17:25
  • 9.4k+

Eýranyň Iýmit önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçilik boýunça edarasynyň wekili Kiýanuş Jahanpur Eýranyň COVID-19-a garşy sekiz sanjymynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) koronawirusy bejermek üçin dalaşgärler sanawyna goşulandygyny habar berdi. Muny Eýran Yslam Respublikasynyň habarlar agentligine salgylanmak bilen Trend ýetirýär.

“Eýranyň COVID-19-a garşy sekiz sanjymy BSGG-niň koronawirusy bejermek üçin dalaşgärler sanawyna girizildi we ýene 8 sany eýran sanjymynyň bu sanawa goşulmagyna garaşylýar” – diýip, ol Twitterde ýazdy. Onuň aýtmagyna görä, “Eýranda COVID-19-a garşy sanjymy almak üçin mümkin bolan strategiýalaryň ählisi diýen ýaly barlaghana önümçiliginden geçdi”.

Mundan ozal Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilimi ministri Said Namaki geljek iki-üç hepdäniň içinde Eýranda öndürilen sanjymyň adamlarda synagdan geçiriljekdigini habar berdi.

15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......