Fin alymlary howadan iýmit öndürmegi öwrendiler

  • 15.11.2020 21:01
  • 13k+

Finlýandiýanyň Solar Food kompaniýasynyň ylmy hünärmenleri suwuň we elektrik energiýasynyň kömegi bilen howadan iýmit öndürmegi öwrenendiklerini habar berýärler. Tehnologiýa 10 adamyň gündelik iň az talaplaryny üpjün etmek üçin ýeterlik bolan 1 kg proteini almaga mümkinçilik berýär diýip, newdaynews.ru belleýär.

Awtorlaryň aýtmagyna görä, olaryň önümi bahasy boýunça soýa belogy bilen bäsdeşlik edip bilýär. Şol bir wagtyň özünde ol suwdan elektrik arkaly bölünýän wodorod bilen iýmitlenýän toprak bakteriýalarynyň esasynda öndürilýär. Bug gazlarynyň zyňyndylary hem az bolar, şonuň üçin bu usul ekologiýa taýdan hem arassa.
Alynýan Solar Food önümi 50-60% belokdan, 5-10% ýagdan we 20-25% uglewoddan ybaratdyr. Alymlar ilkinji tapgyry 2022-nji ýylda sintezlemegi göz öňünde tutýarlar, ýöne senagat önümçiligini ýola goýmak üçin goşmaça maliýe serişdeleri gerek bolýar.
Derňew işini geçirijiler we futurologlar fin başlangyjynyň geljegi bar diýip hasaplaýarlar. 2035-nji ýyla çenli fermentasiýanyň bu görnüşinden alnan belok haýwan beloklaryndan, takmynan, 10 esse arzan bolar.

şu gün 18:51
1.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.5k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....