Türkmenistanda agyz suwunyň täze ýataklary ýüze çykaryldy

  • 14.11.2020 19:00
  • 14k+

Ýurdumyzda agyz suwunyň täze gorlary ýüze çykarylyp, Türkmenistanyň ýerasty suw gorlarynyň kartasynda birnäçe täze ýataklar bellige alyndy diýip, "Türkmenistan: altyn asyr" internet neşiri habar berýär.

Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynyň hünärmenleri bu açyşy goşmaça suw çeşmelerini çykarmak boýunça işleriň möhüm bölegi hasaplaýarlar diýlip, neşirde aýdylýar. Sebäbi Türkmenistanyň çäginde gidrogeologik şertler çylşyrymly we ol geologik gurluşa, fiziki we geografik şertlere bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem territoriýanyň üçden iki böleginde derýa akabalary ýok. Süýji ýerasty suwlar bolsa çäkli ýerlerde bar. Düzgün bolşy ýaly, bu dördünji gatlaga çenli suw çeşmeleri Köpetdagda, Uly Balkanda we Köýtendagda - atmosfera suwlarynyň çökmeginiň hasabyna, Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň we Köpetdagdaky derýajyklaryň (Çandyr, Sumbar, Arçabil, Altyýap, Sekizýap we başgalar) jülgelerinde - kanal ýitgileri sebäpli emele gelýär.
Şu ýyl geçirilen gözlegleriň dowamynda "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasyna degişli türkmen gidrogeologlary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Uçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabyndaky Dostluk meýdançasynda agyz suw gorlaryny ýüze çykardylar. "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa bölüminiň hünärmenleriniň bellemegine görä, täze suw ýataklary - muňa iň golaý ýerleşen "Çopanýap" we "Çagatýap" obalarynyň ilatyny oňat hilli suwlar bilen üpjün etmekde möhüm orun eýelär.

düýn 22:06
351

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
3.3k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

düýn 19:11
2.5k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

düýn 19:04
4k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....