Koronawirus synaglarynyň netijeleri Ilon Masky aljyratdy

  • 13.11.2020 23:34
  • 12k+

“Tesla”-nyň we “SpaceX”-iň esaslandyryjysy Ilon Mask bir günde koronawirus üçin dört gezek synag tabşyrdy we iki sany položitel hem-de iki sany otrisatel jogap aldy. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

"Gaty şübheli zatlar bolup geçýär" - diýip, Mask Twitterde bu barada öz pikirini paýlaşýar.

Onuň sözlerine görä, Mask BD-den antigenler üçin şol bir enjamda ekspres-synaglardan geçipdir we synaglar şol bir şepagat uýasy tarapyndan alnypdyr. Synaglar ilki položitel, soň iki gezek negatiw, dördünji gezek bolsa ýene položitel bolup çykypdyr. Ol BD synaglaryny teňňäni ýokaryk oklap, bije atmak bilen deňedi.
Şondan soň ol başga bir laboratoriýada PCR usuly arkaly has içgin barlagdan geçdi. Häzir ol netijeleriň 24 sagadyň içinde belli bolaryna garaşýar.
Ilon Mask birnäçe günläp burnunyň akmagy we üsgürmegi, şeýle hem çalaja gyzdyrmagy sebäpli synagdan geçmek kararyna geldi. Häzir ol bu alamatlaryň ýokdugyny belleýär.
Mart aýynda Mask bu keseliň täze hadysalarynyň sanynyň aprel aýynyň ahyryna çenli ABŞ-da nola ýakyn boljakdygyny çaklapdy we koronawirusa garanyňda aljyraňňylygyň ýurda has köp zyýan ýetirjekdigini aýdypdy.
Maskyň synag netijeleri baradaky habar COVID-19 ýokuşmalarynyň sanynyň täze rekord derejä çykan döwrüne gabat geldi. Çarşenbe güni San-Fransiskonyň golaýyndaky Alameda etrabynyň häkimiýetleri koronawirus ýokuşma hadysasynyň köpeljekdigi we bu kesele garşy täze çäklendirmeleriň bolup biljekdigi barada duýdurdy. Mälim bolşy ýaly, Teslanyň ABŞ-daky ýeke-täk awtoulag zawody şu ýerde ýerleşýär. Şu ýylyň başynda etrap saglygy goraýyş edaralary awtoulag zawodyny wagtlaýyn ýapmagy buýrupdy.
Pandemiýa sebäpli Tesla zawodynyň ýapylmagy Maskyň üpjünçiligi, takmynan, 36% ýokarlandyrmak baradaky meýilnamasyna howp salypdy. Geçen aý kompaniýa bu ýyl 500 000-den gowrak elektrik ulagyny ibermek boýunça öňde goýlan maksada ýetmegiň henizem mümkindigini mälim etdi. Analitikler kompaniýanyň, pandemiýa garamazdan, 2020-nji ýylda ilkinji ýyllyk girdejisini gazanyp biljekdigini çaklaýarlar. --

düýn 23:23
438

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
640

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......