Türkmenistanda milli elektron poçta we messenjer işe giriziler

  • 13.11.2020 14:40
  • 9k+

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Türkmenistanda ilkinji milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamyny —messenjer programmasyny we mobil goşundysyny döretdiler. Täze milli programmany işe girizmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda wise-premýer B.Öwezow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, täze döwrebap milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiligi «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Programma häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.
Internet ulgamy arkaly bu ykjam programma üpjünçiliginiň üsti bilen onlaýn görnüşde hat-habarlary alyşmak, toparlaýyn söhbetdeşlikleri guramak, sesli we wideojaňlaryny amala aşyrmak, dürli görnüşdäki elektron faýllary ugratmak hem-de kabul etmek mümkinçiligi bar.

düýn 23:04
1.5k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.4k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
2.8k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

08.06.2026 09:45
1.3k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....