Türkmenistan Ukrainada bilim alýan talyplarynyň sany boýunça dördünji orunda durýar

  • 10.11.2020 22:01
  • 12k+

Ukrainada şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaý boýunça dünýäniň 158 ýurdundan 80,5 müň daşary ýurtly we raýatlygy ýok adamlar ýokary bilim aldylar. Bu barada Ukrainanyň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen Ukrainanyň milli täzelikleri habarlar agentligi habar berýär.

“2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaý boýunça Ukrainada dünýäniň 158 ýurdundan 80,5 müň töweregi daşary ýurtly we raýatlygy ýok adamlar ýurduň 455 sany ýokary okuw mekdebinde ýokary bilim alýarlar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ukrainada ýokary bilim alýan daşary ýurtlularyň köpüsi Hindistandan – 18 429 adam. Onuň yzyndan gelýär: Marokko – 8233, Azerbaýjan – 5470 we Türkmenistan – 5344.
Ukrainanyň ýokary bilimine gyzyklanma bildiren ýurtlaryň ilkinji onlugynda şular hem bar: Nigeriýa – 4379 adam, Türkiýe – 3764, Hytaý – 3527, Müsür – 3499, Ysraýyl – 2561 we Özbegistan – 2227.

02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 19:43
1.6k+

Şanhaýda ynsanpisint robotlar üçin mekdep açylýar

2026-njy ýylyň iýul aýynda Şanhaýyň ýokary tehnologiýaly Žanszýan sebitinde meýdany 5000 inedördül metrlik innowasion tälim merkezi açylar. Bu merkez dürli öndürijileriň robotlaryny bilelikde okatmak we......