Nebitiň bahasy on göterimden gowrak ýokarlandy

  • 09.11.2020 23:48
  • 8.1k+

Pfizer we BioNTech tarapyndan işlenip taýýarlanan koronawirus sanjymynyň üstünlikli synaglary baradaky habarlaryň netijesinde, nebit öz ösüşini çaltlaşdyrdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Aşgabat wagty bilen 18:22-ä çenli ýagdaýda «Brent» belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 10,11% ýokarlanyp, bir barreli 43,44 dollara, «WTI-niň» dekabr fýuçersleriniň bahasy 11,15% ýokarlanyp, 41,28 dollara ýetdi.
Öň, BioNTech Pfizer bilen bilelikdäki COVID-19-a garşy derman serişdesiniň 90%-den gowrak täsir edendigini habar berdi. Hasaba alyş arzalary noýabr aýyndan başlap tabşyrylyp bilner.

13.03.2026 23:32
5.5k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.1k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.8k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...