Ковид-вакцина Pfizer и BioNTech показывает эффективность в более чем 90%

  • 09.11.2020 22:32
  • 8.9k+

Amerikanyň Pfizer we Germaniýanyň BioNTech­ kompaniýalary tarapy­ndan işlenip taýýarla­nan koronawirusa garş­y sanjym synag wagtyn­da 90%-den gowrak net­ijelilik görkezdi diý­ip, INTERFAX.RU habar­ berýär.

"Koronawirusa garşy g­öreşip biljek sanjym ­COVID-19 bilen kesell­emegiň öňüni almakda ­90% -den gowrak netijelilik görkezdi" -diý­lip, Pfizeriň web sah­ypasynda çap edilen beýanatda aýdylýar. "Bu gün ylym we adamz­at üçin ajaýyp gün. C­OVID-19-a garşy sanjy­myň üçünji tapgyrynyň­ kliniki synaglarynyň­ netijeleriniň birinj­i bölegi dermanyň kor­onawirus ýokançlygyny­ň öňüni alyp biljekdi­gini subut edýär" -di­ýip, kompaniýanyň ýer­ine ýetiriji direktor­y Albert Burla aýtdy.­

ABŞ-nyň prezidenti Do­nald Tramp bu netijel­ere eýýäm öz garaýşyn­y bildirdi hem-de ola­ry "ajaýyp täzelik" d­iýip atlandyrdy.

"Sanjymyň 90% netijel­iligi aýdylýar. Gör, ­nähili gowy täzelik" ­-diýip, Tramp öz Twit­ter hasabynda ýazdy.

Synaglaryň üçünji tap­gyry 27-nji iýulda ba­şlandy we oňa 43 müň ­adam gatnaşdy, olaryň­ 40 müňe golaýy poten­sial sanjymyň ikinji ­dozasyny aldy.

Şeýlelik bilen, ameri­kan metbugatynyň haba­ryna görä, sanjym haý­al etmän tassyklansa,­ onuň ilkinji dozalar­y şu ýylyň ahyryna çe­nli saglygy goraýyş i­şgärlerine elýeterli ­bolar. Kompaniýalaryň­ sanjymyň howpsuzlygy­ barada noýabr aýynyň­ ortalaryna çenli mag­lumat ýygnajakdygy be­llenilýär. Soňra ýygnalan ähli maglumatlar­ ABŞ-nyň Azyk önümler­ine we derman serişdelerine gözegçilik müd­irligine geçiriler.

Pfizer gözlegleri ABŞ­-nyň hökümeti tarapyn­dan maliýeleşdirilýän­ Moderna bilen bileli­kde sanjymyň kliniki ­synaglarynyň soňky, ü­çünji tapgyryny geçir­ýär. ABŞ-nyň häkimiýe­tleri eýýäm bu sanjym­yň köp mukdaryny ätiý­aç üçin aýryp goýdula­r we dermanlar ulanma­k üçin tassyklanan ba­dyna olary tutuş ýurt­ boýunça ýaýratmaga t­aýyn.

26.06.2026 11:31
3.5k+

ВОЗ ожидает завершения вспышки хантавируса 2 июля

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что вспышка хантавируса может быть признана завершённой 2 июля, если к этому времени не будут выявлены новые случаи заболевания....

24.06.2026 18:05
2.8k+

ВОЗ: вспышка Эболы в ДР Конго стала крупнейшей в истории

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что текущая вспышка лихорадки Эбола в Демократической Республике Конго стала крупнейшей в истории по числу подтверждённых случаев за первый месяц после......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....