Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatyndaky barlag-geçiriş nokadyna baryp gördi

  • 07.11.2020 17:19
  • 25k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Bagabat” şypahanasynyň dabaraly açylyşyndan soň, şypahana barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän barlag-geçiriş nokadyna baryp gördi. Döwlet Baştutany bu ýerde gulluk edýän harby gullukçylaryň gullugy hem-de olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Barlag-geçiriş nokadynyň serkerdesi döwlet Baştutanyna gulluk ýagdaýlary we serhet ýakalarynyň häzirki ýagdaýy, bu künjegiň asudalygy hem-de abadançylygy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň goranmak häsiýetli Harby doktrinasyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýokary derejeli gulluk etmegi, amatly ýaşamagy hem-de dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylara alyp barýan mukaddes gulluklarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmaklaryny, Watanymyza wepaly gulluk etmeklerini arzuw etdi.
Şeýle hem türkmen Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklarynyň bardygyny aýdyp, dag derelerinden, jülgelerden gelýän çeşme suwlarynyň netijeli ulanylmagy, bagy-bossanlyga bürenmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 10:41
483

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

şu gün 10:21
787

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

şu gün 08:26
1.9k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

düýn 10:10
4.1k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......