Ak bugdaý etrabynda täze “Bagabat” şypahanasy açyldy

  • 07.11.2020 13:19
  • 14k+

6-njy noýabrda Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän Aşgabadyň etegindäki Bagabat jülgesinde gurlan adybir “Bagabat” şypahanasy açylyp ulanylmaga berildi. Täze şypahana-bejeriş merkezi bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýol hem ulanylmaga berildi.

Açylyş dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabara şeýle hem Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda eden çykyşynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy serişdeleriň binýadynda, şol sanda Köýtendagyň çäklerinde şypahanalaryň gurluşyklarynyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň bina eden şypahanasy ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän we birbada 200 adamyny kabul etmäge niýetlenen döwrebap toplumdyr.
Şypahananyň düzümine balneoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş -maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, howuzlar we SPA salony girýär.
Bu ýerde ýokary hünärli lukmanlar raýatlaryň saglygyny goramakda, ilkinji nobatda bolsa, dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň we beýlekileriň bejergisi babatda ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirerler.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....