Kazandaky türkmen talyby pandemiýa garşy göreşde lukmanlara kömek edýär

  • 05.11.2020 07:03
  • 22k+

Geçen dynç güni “Tatarystan - Täze asyr” teleýaýlymynda “Kömek - ýakynda” ("Ýardem ýaneşe") döwlet hereketinden taýýarlanan reportaž görkezildi, onda Tatarystanyň lukmançylyk meýletinçileri koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde lukmanlara we şepagat uýalaryna kömek berýärler.

Pandemiýa başlaly bäri bu herekete 60,000 meýletinçi goşuldy. Häzirki wagtda hassalar bilen iş salyşýan döwlet hassahanalaryň arassa zolaklarynda 350-den gowrak meýletinçiniň lukmançylyk işgärlerine kömek edýändigi bellenilýär.
Olaryň arasynda Türkmenistandan gelen Nurali Kerimow hem bar.
Geljekki akuşer-ginekolog Nurali Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dördünji ýyl talyby. Özi hem lukmanlar maşgalasyndan bolansoň, Nurali häzirki epidemiologik ýagdaýda lukmanlar üçin nähili kyndygyny düşünýär.

"Meniň ýardam edesim gelýär, häzirki wagtda ýagdaý aňsat däl, adamlar ýeterlik däl, lukmanlar elmydama hemme zada ýetişip bilmeýärler, şonuň üçin gelip kömek etmek isleýärin" -diýip, türkmen talyby "TNV" kanalynyň ýaýlymynda aýtdy.

Lukman-meýletinçiler hassalary kabul edýärler, olary diagnoz üçin ugrukdyrýarlar, gan alýarlar, EKG edýärler we bular meýletinçileriň ýerli lukmanlara berýän bahasyna ýetip bolmajak kömeginiň diňe bir bölegi.

"7-nji Kazan şäher hassahanasynyň lukman-meýletinçileri kiçi we orta derejeli lukmançylyk işgärlerine, lukmanlara kömek edýärler. Bu wagt hassalaryň köpdügi sebäpli kabul ediş we anyklaýyş bölüminde iş ýüki artdy. Şonuň üçin lukman-meýletinçileriniň kömegi, elbetde, biziň üçin zerur" - diýip, 7-nji Kazan şäher hassahanasynyň baş lukmanynyň umumy meseleler boýunça orunbasary Elza Kaşapowa gürrüň berdi.

09.06.2026 23:14
6.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....