Türkmenistanda şypahanalara ýollanmalaryň bahalary tassyklanyldy

  • 04.11.2020 11:28
  • 23k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollanmalaryň bahalary tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama raýatlaryň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli bolan şypahanalarymyzyň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de olara berilýän ýollanmalaryň bahalaryny kesgitlemek maksady bilen kabul edildi.
Öň, Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň tassyklanandygy barada habar beripdik.

düýn 15:29
4.1k+

Tramp dermanlary arzan tapmaga kömek edýän TrumpRx saýtyny işe girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikanlara lukmanlaryň görkezmesi boýunça satyn alyp bolýan dermanlary arzan bahadan tapmaga kömek etjek TrumpRx saýtynyň işe girizilendigini habar berdi. TrumpRx — bu dermanlary gönüden-göni satmaýan hökümet web-saýtydyr...

düýn 07:33
2.4k+

BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy...

06.02.2026 16:41
2k+

Aşgabatda UNFPA-nyň ýokanç kesellerde göwrelilige gözegçilik boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda BMG-niň binasynda inçekeseli bolan aýallarda göwrelilige gözegçilik etmegiň aýratynlyklaryna we ftiziatriýa gullugy bilen hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine bagyşlanan üç günlük okuw maslahaty geçirildi...

05.02.2026 11:56
5.2k+

ABŞ-ly hirurglar hassany 48 sagatlap öýkensiz diri saklamagy başardylar

Amerikaly hirurglar näsagy iki gije-gündizläp öýkensiz diri saklamagy başardylar. Lukmaçylygyň bu haýran galdyryjy üstünligi barada ScienceAlert ylmy neşirde has içgin gürrüň berilýär. 33 ýaşly erkek adam agyr dümewden soň ölüm bilen ýaşaýyşyň arasynda galýar...